Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi şulara ýardam bermeli:

1) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna we tassyklanylmagyna;

2) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hem-de bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine;

3) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga berilmegine;

4) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanylmagyna;

5) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegine;

6) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyna;

7) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň, hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagynyň guralmagyna.

Şeýle hem Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrowy Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory wezipesine, Handurdy Şadurdyýewiç Handurdyýew Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine, Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedowy bolsa Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellemek hakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň çykaran karary makullanyldy.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy