Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy we “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany aýratynlykda kabu etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Hiroýuki Subaý bilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany iri ýapon kompaniýalarynyň ýurduň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň ýurtda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Işewür Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Hiroýuki Subaýyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 27-nji iýuny (Surat: "Watan habarlary")

 

“Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadan bilen duşuşyk:

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy nygtaldy. Türkmenistan “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, ýurduň “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy