Habarlar / Habarlar
Eýrandan Türkmenistana daşary ýurtly raýatlaryň 4 müň 640-sy geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde häzirki wagta çenli Eýrandan türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlary arkaly daşary ýurtly raýatlaryň 4 müň 640-synyň geçendigini habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar.

Raşid Meredow Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri durmuşa geçirýändigini aýtdy.

Wise-premýer şu maksatlar bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylandygyny habar berdi.

Mejlisde bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurduň dürli döwletler we halkara guramalar bilen utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy