Habarlar / Habarlar
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlarynyň 180-den gowragy gurulýar

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 180-den gowrak ýaşaýyş jaýy bina edilýär. Bu barada şenbe güni çap edilen “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, şeýle-de 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si gurulýar.

Şeýle hem bu ýerde 72 sany iki öýli, iki gatly täze kottejler bina edilýär. Bu binalara “akylly” öý tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ýaşaýjylaryň ähli durmuş zerurlyklary göz öňünde tutulyp, bilim-terbiýeçilik, söwda, hyzmat we beýleki maksatly desgalar ýaşaýyş toplumlaryna ýakyn aralykda ýerleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly,  “Akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binalary, awtomenzil, demir ýol menzili, Çeper halyçylyk kärhanasy, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi, seýilgähler, söwda we hyzmat ediş toplumy bina ediler.

Arkadag şäheri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açyldy we onuň gurluşygynyň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga guruldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy