Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň taryhynda ýeke-täk “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen onuň ýaşaýjylaryny tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen bu şäheriň ýurduň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülendigini aýdyp, ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriň biri bolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň agzybirligi we jebisligi has-da berkitmekde, türkmen halkyny täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.

““Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlag hatynda bellenilýär.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli şäheriň ýaşaýjylaryny gutlady.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan Arkadag şäheri ýurduň ilkinji “akylly” şäheri hökmünde tanalyp, şähergurluşyk, ekologiýa we sanly tehnologiýalar babatynda innowasion çözgütleri üçin halkara derejesinde ykrar edildi. Gazanan üstünlikleri üçin Arkadag şäheri birnäçe abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy