Habarlar / Habarlar
Daşary ýurt guramalarynyň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar

Daşary ýurt guramalarynyň ýolbaşçylary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, “Stawropol ülkesiniň türkmenleriniň milli jemgyýeti” sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Rahman Haçirow we “Türkmenistan” atly türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahan sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň Geňeşiniň başlygy Fauziýa Kadyrowa türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutladylar.

“Halkara giňişlikde Türkmenistanyň bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlaryňyz, Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ýaşaýan dostlukly halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge, içeri we daşary syýasatda möhüm çözgütleriň kabul edilmegine, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyz, şeýle hem bütin dünýäde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler hakynda edýän aladalaryňyz üçin Size görnükli döwlet işgäri hökmünde uly hormat-sarpa goýulýar” diýip, Rahman Haçirowyň gutlag hatynda bellenilýär.

Şeýle hem Fauziýa Kadyrowa gutlag hatynda Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmenleriň Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýä türkmenleriniň Lideri hökmünde uly hormat-sarpa goýýandyklary bellenilýär.

Rahman Haçirow we Fauziýa Kadyrowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy