Habarlar / Habarlar
“Eni Turkmenistan” Aşgabatdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde täze edarasyny açdy

“Eni Turkmenistan” kompaniýasy duşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde täze edarasyny açdy. Bu ädim kompaniýanyň ýurtdaky ornuny has-da berkitmekde nobatdaky çäre bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetiniň subutnamasydyr. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

“Eni Turkmenistan Limited” (ETL) kompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri ýurtda Nebitdag ýatagynda önüm bölünişigi baradaky Ylalaşyk (PSA) esasynda operator hökmünde iş alyp barýar. Şol döwürde kompaniýa tarapyndan çykarylan nebitiň umumy möçberi 19,5 million tonnadan (142 million barrelden) geçdi, nebiti çykarmak bilen bagly taslamalara goýlan maýa goýumlaryň möçberi bolsa 2,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Kompaniýa energetika ulgamynda giň gerimli hyzmatlary amala aşyrýar. Ýagny kompaniýa nebiti we gazy gözlemekden hem-de çykarmakdan başlap, elektrik energiýasyny öndürmek, şol sanda alternatiw çeşmeler boýunça degişli taslamalara gatnaşmak bilen hem meşgullanýar.

Italiýanyň energetika kompaniýasy ENI (Ente Nazionale Idrocarburi) 1953-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünýäniň iň iri nebit-gaz korporasiýalarynyň biri hasaplanýar. Kompaniýa 37 ýurtda iş alyp baryp, onuň önümleri 70 döwletiň bazarynda görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy