Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýurtda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Pakistanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi we Pakistanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa  iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Pakistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň we halklarynyň diňe bir dost-doganlyk gatnaşyklarynyň däl, eýsem, ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklaryň hem baglanyşdyrýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Farýal Legariniň täze bellenen ilçi hökmünde iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary amala aşyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy