Habarlar / Habarlar
Şwesiýanyň kazyýeti MTS-iň Türkmenistana garşy ähli arzlaryny gutarnykly ret etdi

Şwesiýanyň Apellýasiýa kazyýeti rus telekommunikasiýa kompaniýasy MTS-iň Türkmenistana garşy bildirýän ähli arzlaryny gutarnykly ret edip, halkara arbitraž çözgüdini tassyklady we türkmen tarapynyň hereketleriniň halkara hukugyna laýyk gelýändigini ykrar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Kompaniýa 2018-nji ýylda Türkmenistana garşy Maýa goýum jedellerini çözmek boýunça Halkara merkezinde (ICSID) kazyýet işine başlady we türkmen tarapy bilen baglaşan şertnamasynyň uzaldylmalydygyny öňe sürdi.

2023-nji ýylda ICSID-niň arbitraž topary kompaniýanyň ähli arzlaryny ret edip, MTS bilen şertnamanyň uzaldylmagyna kanuny esaslaryň ýokdugyny belledi. Şeýle hem topar Türkmenistanyň bikanun hereket etmändigini we kompaniýanyň ýurduň kazyýete hem-de arbitraža çykaran çykdajylary üçin 11 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde öwezini dolmalydygy hakynda karar çykardy.

Mundan soň, MTS kazyýet işiniň geçirilen Şwesiýa kazyýetinde arbitraž çözgüdine garşy çykmaga synanyşdy. 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Swea welaýatynyň Apellýasiýa kazyýeti kompaniýanyň arzyny ret etdi we ony Türkmenistana kazyýet çykdajylary üçin goşmaça 589 müň ýewro tölemäge borçly etdi.

Şwesiýanyň kazyýetiniň bu karary gaýtadan şikaýata ugradylyp bolmaýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi halkara hem-de milli derejedäki kazyýetleriň çykaran çözgütleriniň ýurduň pozisiýasynyň kanuny taýdan dogrudygyny we onuň halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň kadalaryna ygrarlylygyny tassyklandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy