Habarlar / Habarlar
Raşid Meredow we Günbatar Afrika ýurtlarynyň DIM-leri bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 1-nji iýulynda Niger Respublikasynyň daşary işler, hyzmatdaşlyk we daşary ýurtdaky nigerlileriň işleri boýunça ministri jenap Bakari Ýau Sangaren we Burkina Fasonyň daşary işler, sebit hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky burkinalylaryň işleri boýunça ministri Karamoko Žan-Mari Traoren bilen aýratynlykda  telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Burkina Fasonyň daşary işler ministri bilen geçirilen söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Burkina Fasonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri bellenildi. Köptaraplaýyn düzümleriň, hususan-da BMG-niň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meselelerine garadylar.

Niger Respublikasynyň daşary işler ministri bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde taraplar iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, söhbetdeşlikde üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy