Habarlar / Habarlar
Russiýa Türkmenistan bilen ýük daşamalarda rus ýük daşaýjylaryň gatnaşmagyny giňeltmekçi

Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň wekilleri 2025-nji ýylyň 23-25-nji iýun aralygynda Aşgabatda iki ýurduň awtoulag daşaýjylarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygyny geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda rus tarapy Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn ýük daşamalarynda öz daşaýjylarynyň gatnaşygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirdi. Türkmen tarapy rus awtoulaglarynyň ýüklemek üçin wagtynda taýýarlanylyp berilmegi şerti bilen rus awtoulaglarynyň ulanylmagyna taýýardygyny aýtdy. Bu barada Halkara awtomobil daşaýjylar assosiasiýasy habar berýär.

Türkmen tarapy 2024–2025-nji ýyllarda oba hojalyk önümleriniň we gündelik sarp edilýän harytlaryň eksportynyň artdyrylmagyna gönükdirilen döwlet goldawynyň çäklerinde ýük daşamalaryň möçberiniň ep-esli ýokarlanandygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri rus tarapyna ýurduň çäginde ýük daşamak şertleri, şol sanda daşary ýurtly ulag serişdelerine degişli tölegleriň hasaplanmagy bilen bagly maglumatlary berdiler.

Duşuşygyň dowamynda rus wekilleri türkmen daşaýjylary, eksport edijileri we ýük eýeleri bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlyk üçin özara maglumatlary alyşdylar we gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Taraplar göni işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini belläp, ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy