Habarlar / Habarlar
TULM Hytaýyň konteýnerli synag otlusyny Türkmenbaşy porty arkaly Azerbaýjana ugratdy

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) Hytaýyň Çžetýan şäherinden ugran 50 sany 40’ft ýükli synag konteýner otly düzümini Gazagystanyň çäginden Türkmenistanyň serhetýaka demir ýol geçelgesinden geçirip Baku halkara deňiz portuna ugradylmagyny gurady.

TULM-yň penşenbe güni habar bermegine görä, Hytaýyň synag konteýner otlusy Türkmenbaşy deňiz porty arkaly türkmen milli fider gämisinde Baku şäherine ugradyldy.

TULM Türkmenistanda demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolmak bilen, halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde dürli görnüşdäki ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmaklygy dowam edýär.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” AGPJ-i Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda gol çeken Permany esasynda döredildi. Ýurduň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, üstaşyr ýük geçirmeleriň möçberlerini artdyrmak hem-de iberijiden kabul edijä çenli üstaşyr we eksport-import ýükleri eltip bermek üçin netijeli logistika çözgütleri taýýarlamak kompaniýanyň esasy wezipesi bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy