Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada gämi ýüzüşi amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde gämide deňziň çägi boýunça ýüzüşi amala aşyrdy. Ýüzüşiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri deňziň kenarynda ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekip, binalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, onuň yşyklandyryş ulgamyna we yşyklandyrylyşyna hem-de ekologik ýagdaýyna üns bermegiň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy zolagy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça birnäçe maslahat berdi.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçiriljek medeni-ynsanperwer çäreleriň ýaýbaňlandyryljak ýerine bardy. Bu ýerde teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimleriniň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary, çaýhananyň, oýun-güýmenje meýdançalarynyň taslamalary, bu ýerde we suw çüwdürimleriniň howdanlarynda oturdyljak mermerleriň, oturgyçlaryň, yşyklandyryş ulgamynyň, merkeziň çäginiň germewleriniň görnüşleri, çykyş etmäge niýetlenen sahnanyň abadanlaşdyrylyşy ýaly taslamalar görkezildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanyşyp, birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zaman taslama çözgütleriniň milli binagärlik ýörelgeleriniň ýokary derejesine esaslanylmalydygynyň möhümdigini nygtap, ähli gurluşyk we bezeg materiallarynyň berklik, oňaýlylyk we owadanlyk boýunça häzirki talaplara laýyk gelmelidigini, ýerine ýetirilýän işler bolsa uzak geljegi nazarlaýan binagärlik çözgütlerine öwrülmelidigini belledi.

Soňra, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Kongresler merkezine hem baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy