Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanhanalaryň LLDC3 maslahatyna taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde "Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky käbir myhmanhanalaryň geçiriljek çärelere taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylar üçin ýokary derejeli ýaşaýyş we oňaýly dynç alyş üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanhanalaryň otaglaryny gözden geçirdi we hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmegiň, şeýle-de milli myhmansöýerlik däplerine eýermegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Myhmanlaryň rahatlygy bilen bagly ähli meseleleriň göz öňünde tutulmalydygy, myhmanhanalaryň ýanaşyk ýerlerini bolsa degişli tertipde saklanylmalydygy nygtaldy. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny hem geçirdi. Onuň dowamynda halkara foruma çenli az wagtyň galandygyny nazara alyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňde boljak halkara forumyň taryhy ähmiýeti barada aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak taryhy ähmiýetli çäräniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işjeň beýan edilmeginiň möhümdigini nygtady. Milli tele we radio ýaýlymlarda, internet saýtlarynda we elektron neşirlerde forumyň dowamynda çykýan habarlary gündelik esasda giňden şöhlelendirmek tabşyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Kongresler merkezine bardy. Bu desga, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) esasy meýdançalarynyň biri bolup çykyş eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri geçiriljek çäreler üçin binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny, olaryň konferensiýanyň ýokary derejesine laýyk gelmelidigini aýratyn belledi. Şeýle hem, otaglaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegine, daşary ýurtly wekilleriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň iş alyp barmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy