Habarlar / Habarlar
Awazada geçiriljek halkara forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar

Şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiler. Foruma 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada, şu ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen guramaçylykly Döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşynda mälim edildi.

Maslahata halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň iş meýilnamasy açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlisleri, bäş sany ýokary derejedäki tematik "tegelek stollary" we ýokary derejedäki ýedi sany forumy öz içine alýar. Olaryň hatarynda - Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we ýaşlar forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem arabaglanyşyk boýunça çäre bar. Mundan başga-da, ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet boýunça gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan guraljak degişli çäreler meýilleşdirilýär.

Maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda guraljak tematik sergiler, şol sanda türkmen tarapynyň guramagynda sergiler geçiriler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert gurnalar. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan resmi kabul ediş dabarasy geçiriler.

Maslahatyň dowamynda foruma taýýarlyk bilen bagly alnyp barylýan guramaçylyk çäreleriniň barşy gözden geçirildi. Bellenilişi ýaly, gurluşyk we abatlaýyş işleriniň tamamlanmagy, wekiliýetleriň ýerleşdirilişi, ulag-logistika, lukmançylyk we iýmit üpjünçiligi, şäher bezegi ýaly meseleler maslahatlaşyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslaryň nusgalaryny we forumyň dowamynda ulanyljak ýolagçy awtobuslarynyň bezeg görnüşlerini synlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy