Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow öz saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk häsiýetinde suratlandyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhy esasynda guralanyp, syýasy, ykdysady, medeni, ulag we energetika ugurlary öz içine alýandygy nygtap geçdi. Şeýle hem, BMG we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly düzümlerde iki ýurduň orunynyň uludygyna aýratyn üns çekildi.

Prezident Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşmaça itergi berjekdigini belläp, Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, energetika, ulag we medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň durnukly depgin bilen ösdürilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjanyň Prezidenti türkmenistanly kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa özüniň mähirli salamyny ýollady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy