Habarlar / Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, bagtyýarlyk, Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine doglan güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi.Bellenilişi ýaly, syýasy-diplomatik ulgamda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda işjeň hem-de ynanyşmak ýagdaýyna esaslanýan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.Diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar.Söwda-ykdysady ulgamda özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, işewürler toparlarynyň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmak, sebitara hereketler we senagat taýdan goşulyşmak boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar.Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamyň hem ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, medeni çäreler, sergilerdir konsertler arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi.Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy