Habarlar / Habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygy hem-de infrastrukturasynyň ösüşi bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni iş sapary bilen Arkadag şäherine bardy. Sapar wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri şäherdäki gurluşyk işleriniň alnyp barylyşy we onuň infrastrukturasynyň ösüşi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Saparyň dowamynda şäheriň ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhammedow Gökdepe şaýolunyň ugrunda gurlan täze köpugurly awtoulag aýlawyny synlady, bu desganyň gurluşygynda diňe ýerli gurluşyk materiallary ulanyldy.

Gurbanguly Berdimuhammedow Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan demir ýol we awtoulag menzillerini birleşdirjekdigini aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpriniň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berip, soňra Keýmir kör şaýoly bilen Arkadag şäherine tarap ugrady. Ýol ugruna ýakyn meýdançalaryň, ýaşyl zolaklaryň we landşaft dizaýnlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda göz öňünde tutulan jemgyýetçilik we senagat maksatly desgalaryň, Gökdepe şaýolundaky häzirki zaman awtoulag aýlawynyň dizaýn taslamalary bilen tanyşdy.

Saparyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy