Habarlar / Habarlar
Awazada täze “Sähra” restorany açyldy

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze “Sähra” restorany işe başlady. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň öňüsyrasynda açylan bu restoran deňziň kenar ýakasynda amatly ýerleşişi bilen ilkinji myhmanlaryny eýýäm özüne çekmegi başardy.

Restoran Gündogar we Ýewropa aşhanalarynyň däpleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanyp döredilendir. Ussat aşpezler topary tarapyndan düzülen awtorlyk menýuda gündogar naharlarynyň nusgawy görnüşleri bolan palaw, etli tagamlar bilen bir hatarda, Ýewropa aşhanasynyň datly tagamlary hem hödürlenilýär. Restoranyň aşhanasynda ýerli täze we ter önümleri  bilen birlikde  ýokary hilli daşary ýurt önümleri hem giňden ulanylýar.

Zalyň içki bezegi häzirki zaman dizaýnynyň nepisligi bilen tebigatyň göwnejaý öwüşginlerini özünde jemleýär. Bu öwüşginler deňziň aram görnüşi bilen sazlaşykly utgaşýar.

“Sähra” restorany her gün myhmanlaryny ýokary derejeli hyzmaty we myhmansöýerligi bilen garşylaýar. Myhmanlar öňünden ýer bellemek üçin +993 71 185185, +993 71 285285 telefon belgilerine jaň edip ýa-da restoranyň Instagram sahypasy @sahra_awaza arkaly habarlaşyp bilerler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy