Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda täze Raýat kodeksi kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kanunyna laýyklykda, täze Raýat kodeksi tassyklanyldy we ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Bu resminama raýat-hukuk gatnaşyklarynyň esasy kadalaryny düzgünleşdirer we geljek ýyllarda ýurduň hukuk ulgamynyň binýady hökmünde çykyş eder. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe gününde çap edilen sanynda habar berildi.

Täze kodeksiň güýje girmegi bilen öň hereket eden ähli resminamalaryň güýji bes ediler. Şol sanda 1998-nji, 2003-nji, 2007-nji, 2010-njy, 2012-nji we 2019-njy ýyllarda kabul edilen Raýat kodeksi bilen baglanyşykly kanunçylyk namalary hem güýjüni ýitirer.

Kanuna laýyklykda, täze kodeks 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň ýüze çykýan ähli hukuk gatnaşyklaryna degişli ediler. Şol bir wagtda, bu seneden öň emele gelen raýat-hukuk borçnamalaryna täze kodeksiň düzgünleri diňe onuň güýje girizilenden soň ýüze çykýan hukuklary we borçnamalary düzgünleşdirmekde ulanylar.

Hereket edýän hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylary özara ylalaşyk esasynda täze kodekse laýyklykda düzgünleşdiriş ulgamyna geçip bilerler. Mundan ozal hereket eden hukuk namalary, täze kanunçylyk bilen gapma-garşylyk bolmadyk ýagdaýynda täze kadalara laýyk getirilýänçä güýjünde galýar we ulanylmagyny dowam etdirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy