Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Azerbaýjan işewürlik babatda özara ylalaşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şol sanda iki döwletiň çäklerinde geçirilýän sergilere, forumlara we beýleki bilelikdäki çärelere işewürleriň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp geçdiler. Bu mesele duşenbe güni Bakuda geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň we Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, energetika we nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň jemleri boýunça söwda-ykdysady we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýan Teswirnama gol çekildi. Taraplar hökümetara toparynyň indiki 9-njy mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmegi ylalaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy