Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Mawritaniýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi Wepa Hajiýew 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Şeýle hem sebit we sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Söhbetdeşlikde 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) aýratyn üns berildi.

Mawritaniýa Yslam Respublikasy Afrikanyň günbatar böleginde ýerleşip, ol Marokko, Alžir, Mali we Senegal döwletleri bilen araçäkleşýär hem-de Atlantik ummanyna çykalgasy bardyr. Döwletiniň paýtagty – Nuakçott şäheridir. Ýurduň ykdysadyýeti tebigy baýlyklaryň çykarylmagyna, balykçylyk hem-de oba hojalyk önümçiligine daýanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy