Habarlar / Habarlar
Türkmenistanda “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Kanuny kabul edildi

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girjek “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Kanuny kabul edildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni çap edilen sanynda habar berildi.

Sanawyň döredilmeginiň maksady saýlawçylary takyk hasaba almak we saýlawlaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Maglumatlar ýygyndysyna saýlawçynyň familiýasy, ady, doglan senesi, saýlaw salgysy hem-de kanunda görkezilen goşmaça maglumatlar girizilýär. Bu Kanun hasaba alyş maksatlary bilen baglanyşygy bolmadyk maglumatlaryň ýygnalmagyny gadagan edýär.

Sanawy dolandyrmak Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyna tabşyrylyp, salýaw uçastoklaryna ygtyýarly döwlet edaralary jogapkärdir. Saýlawçylar sanawa goşulmak ýa-da  hasaba alnan maglumatlaryny üýtgetmek üçin arza tabşyryp bilerler.

Sanawdaky maglumatlar saýlaw wagtynda saýlawçylaryň tertibini düzmekde ulanylýar. Sanly sanawyň döredilmegi saýlaw ulgamyny kämilleşdirmäge we milli sanlylaşdyrma maksatnamalaryna laýyklykda maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmaga gönükdirilendir.

Bu Kanun Türkmenistanyň saýlawlarda ses bermek hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawynyň döredilmeginiň hem-de alnyp barylmagynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy