Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we BMGÖM seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak boýunça taslamany üstünlikli tamamlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Hökümeti ýer titremelere garşy taýýarlygy kämilleşdirmek we seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen amala aşyran bilelikdäki taslamasyny tamamlady. Bu barada BMGÖM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Taslama boýunça jemleýji maslahat 2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň, döwlet we ylmy edaralaryň wekilleri gatnaşdy.

Taslama üç esasy ugur boýunça durmuşa geçirildi. Aşgabat şäherinde ilkinji gezek ASTERHAZ we ASTERRISK sanly platformalarynyň kömegi bilen seýsmiki howplaryň toplumlaýyn seljermesi geçirildi. Alymlar tektoniki ýarylmalary öwrenip, olaryň ýerleşýän zolaklaryny kesgitlediler hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň we bilim edaralarynyň ýagdaýyna baha berdiler.

Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bahasy 650 müň dollardan geçýän häzirki zaman enjamlar hem-de programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem 100-den gowrak hünärmen ýörite taýýarlanyş okuwlaryna gatnaşdy, degişli okuw materiallary taýýarlandy we seýsmologiýa bilen baglanyşykly terminleriň türkmen, rus we iňlis dillerindäki düşündirişli sözlügi neşir edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanda seýsmiki maglumatlary toplamak we seljermek boýunça ýörite merkez döredildi. Seýsmiki howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanun taslamasy işlenip düzüldi hem-de döwlet edaralary üçin usulyýet görkezmeleri taýýarlanyldy.

Gelejekde Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy we Awaza ýaly şäherlerde seýsmiki töwekgelçilikleriň seljerilişiniň giňeldilmegi, şeýle-de bu ugurdaky bilimleriň okuw programmalaryna ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylda başlanan bu taslama, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olara jogap bermek boýunça milli ulgamyň döredilmegine gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy. Onuň durmuşa geçirilmegine türkmen ministrlikleri, ylmy institutlar bilen birlikde halkara hyzmatdaşlar, şol sanda Özbegistan, Täjigistan seýsmologiýa merkezleri we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy