Habarlar / Habarlar
Awazadaky LLDC3 maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň forumy geçiriler

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde meýilleşdirilen hususy pudagyň forumy, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, şeýle-de dünýä üpjünçilik ulgamlaryna goşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Maslahatyň guramaçylary, şeýle ýurtlaryň geografik kynçylyklaryny ýeňip geçmekde telekeçiligiň möhüm rol oýnaýandygyny belleýärler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek maslahatda telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen mejlisler we çäreler guralar. Türkmen telekeçileri öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder.

Forumyň möhüm ugurlarynyň biri — hususy pudakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we innowasiýalary ösdürmek bilen baglanyşykly bolar. Türkmen telekeçileri häzirki wagtda bu ugurda belli bir ösüş gazandylar we toplan tejribelerini maslahata gatnaşyjylary bilen paýlaşmaga taýýardyrlar.

Meýilleşdirilen çäreler türkmen hususy pudagynyň BMG-nyň agentlikleri, maliýe guramalary hem-de donor düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji BMG-niň maslahaty – dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli giň göwrümli halkara forumdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy