Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we MAGATE saglyk hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow duşenbe güni Awazada BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktorynyň orunbasary Li Hua bilen duşuşdy. Duşuşyk Üçünji BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatynyň çäginde geçirildi.

Duşuşykda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy we aýratynlykda saglygy goraýyş ulgamy boýunça taslamalara hem-de MAGATE-niň tehniki mümkinçilikleriniň ulanylmagyna üns berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, taraplar 2025–2029 ýyllar üçin Türkmenistan bilen MAGATE-niň arasyndaky Hyzmatdaşlygyň Çägindäki çarçuwaly taslamasynyň resminamasyna ýakyn wagtda gol çekmegi ylalaşdylar.

Li Hua Awazada geçirilýän halkara maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi we türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

MAGATE — 1957-nji ýylda BMG-niň çäginde döredilen, atom energiýasynyň parahat ulanylmagyna, ýadro howpsuzlygyna we ýadro ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almagyna gönükdirilen hökümetara guramadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy