Habarlar / Habarlar
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirildi. Şawkat Mirziýoýew halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen türkmen tarapyny gutlap, gün tertibine girizilen meseleleriň sebitiň durnukly ösüşi üçin aýratyn ähmiýetlidigini belledi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilmeginiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň, şol sanda şu ýylyň aprelinde Samarkant şäherinde geçirilen duşuşygyň netijeleri bilen bagly çözgütleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna seretdiler.

Duşuşygyň dowanynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ynanyşmak we özara bähbitleri göz öňünde tutmak esasynda okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyň 600 million amerikan dollaryna ýetendigi bellenildi. Şeýle hem senagat, energetika, ulag, oba hojalygy we suw serişdeleri ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýändigi nygtaldy.

Duşuşykda ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyklara taýýarlyk görmek bilen bagly hökümetara toparlaryň, Işewürler geňeşini, Sebitleriň arasynda forumlary we medeni çäreleri geçirmeklige hem seredildi.

Taraplar şeýle hem BMG-niň maslahatynyň gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar we şu ýylyň güýzünde Taşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmenistana Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa geldi. Maslahat «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy