Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterriş bilen Awazada duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany 2024-nji ýylyň dekabrynda tassyklanan Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Täze Hereketler Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine häzirki forumyň täzeden itergi berjekdigine ynam bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge we dünýä ykdysadyýetine goşant goşmagyna taýýardygyny aýratyn belledi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki möhüm meseleleriň çözgüdine goşandynyň örän ähmiýetlidigini nygtady. Ol Türkmenistanyň BMG-niň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

Taraplar Awazada geçirilýän maslahatyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we täze ulag-logistika geçelgelerini döretmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyndaky gazanan üstünliklerini aýratyn belledi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty çäklerinde 32 döwlet baştutanlarynyň, hökümet wekilleriniň, BMG-niň agza ýurtlarynyň wekiliýetleriniň, Guramanyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy