Habarlar / Habarlar
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürendigi üçin” ordeni bilen sylaglanyldy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde geçirilen dabarada Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürendigi üçin” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de doganlyk türkmen halkyna çuňňur hoşallyk bildirip, berlen sylagyň iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, dost-doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň nyşanydygyny nygtady.

 

Özbegistanyň Döwlet Baştutany iki ýurduň baý taryhy we medeni gatnaşyklaryna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçip, soňky ýyllarda amala aşyrylan möhüm ykdysady we ynsanperwerlik taslamalaryň netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň möçberiniň ep-esli artandygyny aýtdy.

 

Şeýle-de Mirziýoýew sözüniň ahyrynda türkmen halkyny BMG-niň maslahatynyň geçirilmegi bilen gutlady we 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan ählumumy sammitiň hem üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy