Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Awazada duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sişenbe güni  Awazada duşuşyk geçirdiler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Kasym-Žomart Tokaýew BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Üçünji Konferensiýasyna (LLDC3) gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýagdaýlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak we anyk çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-tranzit ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Prezidentler duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

BMG-niň LLDC3 halkara konferensiýasy dünýäniň ýolbaşçylaryny, hökümet baştutanlaryny we abraýly guramalaryň wekillerini bir ýere jemläp, şu ýylyň 8-nji awgustyna çenli dowam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy