Habarlar / Habarlar
Serdar Berdimuhamedow Awazada Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýumlary ösdürmek, şeýle hem ulag, senagat, energetika we oba hojalygy ugurlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda 2026–2028-nji ýyllary öz içine alýan özara söwdanyň möçberini artdyrmaga gönükdirilen «ýol kartasyny» taýýarlamak teklip edildi.

Taraplar paýtagtlaryň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýmagyň häzirki wagtda hem möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny nygtadylar.

Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy)

 

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşyk geçirdi. Özbegistanyň döwlet Baştutany BMG-niň halkara maslahatynyň ýokary derejede guralmagy bilen türkmen tarapyny gutlap, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan aýratyn goşandy üçin özüniň döwlet sylagynyň — «Hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandy üçin» ordeniniň gowşurylmagy bilen bagly minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki depgini, şeýle hem ýokary derejede geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler boýunça taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezidentler 2025-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan bilelikdäki çäreleriň — hökümetara toparlaryň mejlisleriniň, Işewürlik geňeşiniň we Sebitleriň forumynyň netijeliligini üpjün etmäge taýýardygyny tassykladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow, Şawkat Mirziýoýew we Ali Asadowyň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk, 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: AZERTAC)

 

Şeýle hem Awazada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gatnaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda energetika, logistika, senagat we oba hojalygy ýaly ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary öňe sürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy