Habarlar / Habarlar
Pan Gi Mun Türkmenistana LLDC3 maslahatyny geçirenligi üçin minnetdarlygyny bildirdi

BMG-niň öňki Baş sekretary we Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutynyň (GGGI) Prezidenti Pan Gi Mun, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatynda (LLDC3) çykyş edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa halkara forumy ýokary derejesinde geçirmek üçin, şeýle hem, durnukly ösüşe we sebitleýin hyzmatdaşlyga uly goşant goşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Günorta Koreýadaky Ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Pan Gi Mun Awazada geçirilen maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bazar çäkliliklerine, infrastruktura kynçylyklaryna we howanyň üýtgemegi meselelerine çözgüt tapmak üçin möhüm bir meýdança bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem LLDC3 maslahatynyň Pariž şertnamasynyň 10 ýyllygy, Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy we BMG tarapyndan yglan edilen Parahatçylyk we ynanyşmak halkara ýyly bilen gabat gelýändigi belledi.

Pan Gi Munyň aýtmagyna görä, bu seneler Türkmenistanyň durnuklylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşandyny görkezýär.

GGGI-niň adyndan diplomat deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara az karbonly, howa üýtgemegine durnukly we jemgyýetçilik taýdan umuman işjeň ykdysadyýete geçmekde goldaw bermäge dowam etjekdigini tassyklady. Mundan başga-da, ol ýaşyl maýa goýumlaryny we serhetara hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Pan Gi Mun çykyşyny dünýä raýdaşlygyň berkitmegine çagyrmak bilen tamamlap, maslahata gatnaşanlara netijeli gepleşikleri we yzygiderli üstünligi gazanmagy arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy