Habarlar / Habarlar
Awazada geçirilen LLDC3 maslahaty halkara metbugatyň ünsüni çekdi

2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty (LLDC3) halkara metbugatyň üns merkezinde boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat serişdeleri ýekşenbe güni habar berdi.

“EU Reporter” neşiri, maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde Türkmenistanyň saýlanylmagynyň ýurduň halkara hyzmatdaşlygynda we ulag geçelgelerini ösdürmekde strategik ähmiýete eýedigini belleýär.

“Kazinform” we “Sinhua” habar gulluklary bolsa, Awazada kabul edilen, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, söwdany ýeňilleşdirmäge we howa şertlerine durnuklylygy pugtalandyrmaga  gönükdirlen resminamalaryň ähmiýetini belledi. “Anadolu” agentligi foruma, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini açýan möhüm ädim hökmünde baha berdi.

“Mir” teleýaýlymy we AzVision.az portaly duşuşygyň üstünlikli geçmegini Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasaty bilen baglanyşdyrdy. “News Central Asia” bolsa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly infrastrukturany ösdürmek baradaky çykyşyna salgylandy.

BMG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurduň 16-sy Afrikada, 10-sy Aziýada, 4-si Ýewropada we 2-si Latyn Amerikada ýerleşýär. Bu ýurtlarda 500 milliondan gowrak adam ýaşaýar, bu bolsa Ýeriň ilatynyň takmynan 7%-ne deňdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy