Habarlar / Habarlar
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary döwlet sylagy üçin minnetdarlyk bildirdi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatlaryny iberdi. Hatda Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýokary döwlet sylagyna — "Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin" ordenine mynasyp bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem, Şawkat Mirziýoýew Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp geçdi. Ol bu halkara forumyň hem-de Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Prezident Mirziýoýew iberen hatynda ykdysady, ulag, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky, şol sanda sebitleýin derejesinde hyzmatdaşlygyň üstünlikli has-da ösjekdigine uly ynam bildirdi.

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we türkmen halkyna berk jan saglyk, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.

Şawkat Mirziýoýewi ýokary döwlet sylagy — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak dabarasy 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda, Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy