Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy LLDC3 maslahatyny halkara KHBS-da ýaýbaňlandyrmakda ýardam berdi

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 5–8-nji awgust aralygynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) bilen bagly täzelikleri Ýewropanyň abraýly köpçülikleýin habar serişdelerinde ýaýbaňlandyrmakda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy işjeň hyzmatdaşlyk alyp bardy.

Çäräniň esasy utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan akkreditirlenen žurnalisti Derýa Soýsal çykyş etdi. Onuň tagallalarynyň netijesinde “EU Reporter”, “EU Reflect”, “The Europe Today” ýaly platformalarda 20-den gowrak makala we wideomateriallar ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Bir million abunaçysy bolan meşhur “EU Reflect”-iň YouTube-kanalyndaky materiallar aýratyn üns çekdi. Ilçihana LLDC3 forumyny ýokary hünär derejesinde yzygiderli ýaýbaňlandyranlara minnetdarlyk bildirdi.

LLDC3 forumyna dünýäniň birnäçe döwlet we hökümet baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle-de 50-ä töweregi halkara guramalary we 20-den gowrak öňdebaryjy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy. Forumy giňden şöhlelendirmek üçin, 40 döwletden 160-dan gowrak žurnalistler we köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri Awaza şäherine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy