Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri “Dushanbe Invest-2025” halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 14–16-njy oktýabry aralygynda Duşenbede “Ýaşyl ykdysadyýet: durnukly geljek üçin häzirkzaman mümkinçilikler” şygary bilen geçiriljek “Dushanbe Invest-2025” halkara maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Forum döwlet edaralarynyň, maliýe institutlarynyň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň, maýadarlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda geçiriler. Çäre diňe bir işewürler üçin platforma bolman, gatnaşyjylara Täjigistanyň medeniýeti, taryhy, däp-dessurlary we tebigaty bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreder. Munuň özi ýurduň maýa goýum hem-de syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmekde möhüm orny tutar diýip, çäräniň resmi sahypasynda bellenilýär.

Forum hökümet wekilleriniň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, işewürleriň, maýadarlaryň we telekeçileriň arasynda duşuşyklary geçirmek üçin esasy meýdança bolup çykyş eder.

Çäräniň guraýjylary hökmünde Täjigistanyň Döwlet emläk dolandyryş we maýa goýum döwlet gullugy bilen Duşenbe şäher häkimligi çykyş edýär. Forum ýurduň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy