Habarlar / Habarlar
2026: Eýranda Hazarýaka döwletleriniň sammiti geçiriler

Halkara Hazar güni mynasybetli Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi” atly maslahatynda Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani eden çykyşynda 2026-njy ýylyň awgust aýynda Hazarýaka döwletleriniň sammitini Eýranda geçiriljegini mälim etdi. Bu barada TASS habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.

Diplomat bu çäräniň halkara Hazar deňzi gününe we Tehranyň konwensiýasynyň güýje girmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanandygyny nygtady. Sammite ähli Hazar döwletleriniň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Diplomat 2025-nji ýylda Hazar deňziniň kenarýaka sebitleriniň häkimlerimiň ilkinji halkara duşuşygyny geçiriljegini hem aýtdy. Bu duşuşygyň maksady — sebitleýin diplomatiýany we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem söwda, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we ulag ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň esasynda tejribe alyşmak hem-de netijeli dialog gurmak üçin möhüm platforma döretmekden ybarat.

Ali Mojtaba Ruzbehani ýakyn wagtda ähli Hazarýaka döwletlerine çakylyklaryň hem-de çäräniň maksatnamasynyň iberiljekdigini aýtdy.

“Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi” atly ylmy-amaly maslahat 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy