Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri “Plastex Uzbekistan 2025” sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 23-25-nji sentýabr aralygynda Daşkent şäherinde geçiriljek plastmassa senagaty boýunça “Plastex Uzbekistan” atly 15-nji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergi plastmassa we polimer önümçiliginde iň täze tehnologiýalaryň, enjamlarynyň hem-de çözgütleriň görkeziljek meýdançasyna öwrüler diýip, çäräniň resmi saýtynda bellenilýär.

2025-nji ýyldan başlap Plastex Uzbekistan sergisi täze, giňeldilen görnüşde geçiriler. Ol 4P Central Asia atly sergi bilen bilelikde guralyp, poligrafiýa, gaplama, plastmassa we polimer pudaklaryny birleşdirýär. Bu görnüş sergä gatnaşyjylara şol ugurlaryň tehnologiýalary, çig mallary we serişdeleri barada giň we doly düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Serginiň gatnaşyjylary innowasion önümlerini görkezmäge, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň tekliplerini seljermäge hem-de täze iş hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmaga giň mümkinçilik alarlar.

"Plastex Uzbekistan 2024" 14-nji halkara sergisi geçen ýylyň 2–4-nji oktýabrynda Taşkentde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy