Habarlar / Habarlar
Türkmenistan TIF-2025 forumyna taýýarlanýar: halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler

2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy — TIF 2025 geçiriler. Forum sebitde maýa goýum mümkinçilikleriniň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meýdançasyna öwrüler.

“Milli mümkinçilikler, ählumumy hyzmatdaşlyklar” şygary astynda geçiriljek forumda işewür we bilermen toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak we maýa goýum üçin amatly şertleri döretmek boýunça pikir alyşarlar diýip, forumyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeler we täze başlangyçlar bilen tanyşar, döwlet we hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek mümkinçiligine eýe bolarlar.

Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenler üçin master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutular.

Geçirilen TIF 2024 forumyna dünýäniň 44 ýurdunyndan 1100-den gowrak wekili gatnaşdy. 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilip, umumy bahasy 167 million amerikan dollaryna barabar şertnamalar baglaşyldy.

TIF 2025-iň guramaçylary bu ýylky forumyň täze maýa goýumlaryň hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň çeşmesine öwrüljekdigine ynam bildilýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy