Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň telekeçileri “TajBUILD 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň telekeçileri Täjigistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan goldanylýan halkara gurluşyk sergisi — “TajBUILD 2025” gatnaşmaga çagyrylýarlar. Sergi şu ýylyň 1–3-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherindäki täze “EXPO” merkezinde geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Bu çärede dünýäniň dürli ýurtlaryndan gurluşyk we bezeg serişdelerini, mebelleri, enjamlar, programma üpjünçiligini hem-de mahabat önümlerini öndürijileri we distribýutorlary gatnaşmagyna garaşylýar diýip, “EXPO” merkeziniň resmi web sahypasynda aýdylýar.

“TajBUILD” sergisi adaty görnüşde döwlet edaralarynyň wekillerini, arhitektorlary, dizaýnerleri, gurluşyk pudagynyň hünärmenlerini, ýokary wezipeli menejerleri, şeýle-de Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň söwda wekillerini, ilçilerini we halkara guramalaryň wekillerini özüne çekýär.

Sergi gatnaşyjylara öz önümlerini görkezmek, täze iş hyzmatdaşlaryny tapmak hem-de dünýäniň öňdebaryjy kärhanalary bilen tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Geçen ýylky “TajBUILD 2024” sergisi 2024-nji ýylyň 10–12-nji oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirildi. Oňa dürli ýurtlardan 60-dan gowrak kärhana gatnaşyp, iň täze gurluşyk tehnologiýalary, serişdeleri we arhitektura çözgütleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy