Habarlar / Habarlar
Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy €33 milliona ýetdi

2025-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 33 million ýewro deň boldy. Şu ýylyň ilkinji dört aýynyň dowamynda Italiýanyň Türkmenistana eksporty 32 million ýewro ýetdi, importy bolsa 1,5 million ýewro möçberine barabar boldy. Bu barada Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrligi habar berýär.

Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri energetikadyr. Italiýanyň Türkmenistandan importynyň uly bölegini gaýtadan işlenen nebit önümleri düzýär. Öz gezeginde, Türkmenistan Italiýadan senagat enjamlaryny, ulag serişdelerini, himiýa önümlerini, şeýle hem dokma, lukmançylyk we farmasewtika pudaklary üçin niýetlenen tehnologiki enjamlary import edýär.

Türkmen bazarynda esasan iki iri italýan kompaniýalary iş alyp barýar – “Eni Turkmenistan Limited” (ETL) we RINA. “Eni Turkmenistan” kompaniýasy  2008-nji ýyldan bäri Nebitdag ýatagynda önüm bölünişigi baradaky Ylalaşyk (PSA) esasynda operator hyzmatlaryny ýerine ýetirýär we 2014-nji ýylda bu ylalaşygy 2032-nji ýyla çenli uzaltdy. RINA kompaniýasy bolsa biodürlüligi goramak, port infrastrukturasyny ösdürmek we TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygynda tehniki maslahat işleri bilen meşgullanýar.
 
2013-nji ýyldan bäri Aşgabatda öz işini dowam edýän Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, işewür forumlar, resmi saparlar we institusional hyzmatdaşlyk çäreleri arkaly iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Bu işleriň netijesinde syýasy we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm öňegidişlikler gazanylýar.

Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2013-nji ýylyň 2-nji dekabrynda açyldy. Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy bolsa 2017-nji ýylyň başynda oz işine başlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy