Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri “MiningMetals Uzbekistan – 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 28–30-njy oktýabr aralygynda Daşkendiň “Uzeksposentr” sergi merkezinde geçiriljek XIX halkara “MiningMetals Uzbekistan – 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar, diýip Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Bu halkara çäre magdançylyk, metallurgiýa we metal önümlerini işlemek ýaly pudaklarynda iň täze tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we enjamlaryň tanyşdyrylmagy üçin möhüm meýdança bolar. Bu barada serginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Sergi her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan enjam öndürijileriniň, üpjün edijileriniň, magdançylyk-metallurgiýa kompaniýalarynyň wekilleriniň, ylmy jemgyýetçilik wekilleriniň hem-de döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilýär.

2024-nji ýylda “MiningMetals Uzbekistan” serginiň umumy tutýan meýdany 5 590 inedördül metre barabar boldy. Oňa 19 ýurtdan 170-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, sergä 3 müňden gowrak myhman gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy