Habarlar / Habarlar
ÝB Türkmenistanyň serhet gullugynyň kinologiýa bölümi üçin ýöriteleşdirilen ulaglary gowşurdy

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologiýa bölümi üçin iki sany ýöriteleşdirilen awtoulagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Çärä Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa gatnaşdy.

Diplomat ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýada serhet dolandyryşy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Ulaglar ÝB-niň BOMKA 10 Maksatnamasynyň goldawy bilen satyn alyndy. Bu ulaglar Aşgabadyň we Mary welaýatynyň kinologiýa bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we döwlet serhetleriniň ygtybarlylygyny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berer.

BOMKA Maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetini sebitleýin ösdürmek maksadyna goldaw berýär, şeýle hem sebitdäki, goňşy ýurtlardaky we ÝB agza döwletler bilen arasyndaky söwda gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna g...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän COP31 maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçi...
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy...
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatda...
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähm...
Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECO...
Türkmenistanyň Deňiz meň derýa ulaglary döwlet gullugynda ABŞ-nyň «AECOM Technical Services» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mej...
Hazar deňzinde deňiz ylmy barlaglary hakynda ylalaşyk boýunça nobatdaky mejlis başlandy
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy