Habarlar / Habarlar
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň täze Premýer-ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäherinde geçirilen “Uglerod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda ilçi Koreýa Respublikasynyň täze Premýer-ministri Kim Min Sok we ýurduň hökümet agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.

Ilçi Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli salamlaryny ýetirip, Premýer-ministri täze wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Koreý tarapy iberilen gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda Koreýa Respublikasynyň Azat ediliş güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde ilçi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Je Mýon bilen gysgaça duşuşyk geçirdi.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy