Habarlar / Habarlar
“Arkadag Medisina Klasteri” özbek hünärmenleri we telekeçiler bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Daşkent şäherinde Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri Asylbek Hudaýarow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine, şeýle hem türkmen wekiliýetleriniň Özbegistana saparlaryny guramak arkaly ýerli hünärmenler we telekeçiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi habar berýär.

Taraplar bilelikde lukmanlary taýýarlamak, ylmy mümkinçilikleri ösdürmek hem-de derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem lukmançylykda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredowyň Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri Asylbek Hudaýarow bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 22-nji awgusty, Daşkent, Özbegistan (Surat: Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi)

 

Duşuşygyň dowamynda ylmy-amaly çäreleriň — maslahatlaryň, forumlaryň, treningleriň we ussatlyk sapaklarynyň bilelikde geçirilmegi tassyklandy.

Taraplar gepleşikleriň ahyrynda saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi we pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar.

“Arkadag Medisina Klasteri” kärhanasy ilatyň saglygyny goramak ugrunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanyp, farmasewtika serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlaryny işläp taýýarlamak hem-de bu ugurda döwrebap bilimi üpjün etmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmaga gönükdirilen innowasion taslamadyr.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy