Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar

Türkmenistan we Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi ylalaşdylar. 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Awazada geçirilen “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde raýat awiasiýasy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada teswirnama Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň başlygy Döwran Saburow  bilen Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow tarapyndan gol çekildi. Bu barada “Gazeta.uz” internet neşiri ýekşenbe güni habar berdi.

Resminama “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde  gol çekildi.

Bu ylalaşyk ýakyn geljekde göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy üçin mümkinçilik döredýär, diýip Ilhom Mahkamow belledi.

Türkmenistan 2025-nji ýylyň dowamynda Aşgabat bilen Almaty şäherleriniň arasynda göni howa gatnawlary täzeden açmak mümkinçiliklerini hem öwrenýär.

Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary oku...
Serdar Berdimuhamedow halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolan täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilç...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçis...
Türkmenistanyň DIM-nde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş...
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahaty
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy