Habarlar / Habarlar
Türkmen telekeçileri "TransLogistica Uzbekistan" sergisine çagyrylýar

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek “TransLogistica Uzbekistan” sergisine çagyrylýar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Sergi logistika ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ulag infrastrukturasyny ösdürmäge, ulag we logistika ugurlarynda IT-tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, maýa goýumlary çekmäge hem-de Merkezi Aziýada ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Bu barada serginiň web sahypasynda aýdylýar.

Sergide ýük daşamagyň ähli görnüşleri, terminallaryň we portlaryň işi, intermodal we ýöriteleşdirilen gatnawlar, ammarlaryň logistikasy, demir ýol we awtoulag serişdeleri, ýükleri saklamak we barlamak ulgamlary, gaplama we sargytlary ýerine ýetirmek, ammarlaryň awtomatlaşdyrylan ulgamlary we logistika üçin inženerçilik çözgütleri görkeziler.

Türkmen telekeçileri şol günlerde Daşkentde geçiriljek “E-TechExpo 2025” sergisine hem çagyrylýar. Serginiň esasy ugurlary elektronika, robot tehnikasy we awtomatizasiýa, dolandyryş ulgamlary hem-de sanly çözgütlerdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani B...
Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy we Abdul Gani Baradar bilen gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlen...
Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny hasaba almagyň onlaýn ulgamy işlenip taýýarlanyldy
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy...
“Magtymguly” gaz käninde 1,3 million kub metr gaz akymy alyndy
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi...
Türkmenistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda welosipedli ýöriş etdi
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaş...
“Hazar Logistik” owgan wekiliýeti bilen logistika meselelerini maslahatlaşdy
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy m...
Türkmen ilçisi JATA-nyň ýolbaşçysy bilen göni gatnawlary ýola goýmagy maslahatlaşdy
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryş...
«Deňizçi» futzal topary 15 ýyllygyny «Deňizçi» kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan ýeňşi bilen dabaralandyrdy
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda w...
Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz gazyp çykarýan platformalarda we beýleki dürli maksatly desgalarda (gurluşlarda) tehnogen heläkçilikleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça toplumlaýyn türgenleşik okuwy
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobat...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçiril...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda German wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi