Habarlar / Habarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Sun Sinlin adyndaky gazna anna güni Pekinde hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşdy. Resminama türkmen gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we hytaý gaznasynyň başlygy Li Bin gol çekdi diýip, “Ýüpek ýoly — täze ösüş” portaly habar berýär.

Taraplar çagalaryň saglygy, bilimi we medeniýeti ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin ýaşlaryň arasyndaky alyş-çalyşlary ilerletmek barada ylalaşdylar.

Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy Li Bin, gaznanyň Türkmenistanyň guramalary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary türkmen tarapy bilen bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi. Onuň sözlerine görä, gazna çagalaryň saglygy, bilimi we medeniýeti ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi, şeýle hem halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek maksady bilen türkmen ýaşlaryny öz maksatnamalaryna gatnaşmaga çagyrmagy meýilleşdirýär.

Oguljahan Atabaýewa hytaý gaznasynyň işiniň türkmen tarapynyň maksady bilen utgaşýandygyny nygtap, hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Sun Sinlin adyndaky Sun Sinlin adyndaky Ýaşlar, ylym we tehnologiýa alyş-çalyş merkezi hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň işewürligi bilen tanyşdy.

Awgustyň 25-ne Oguljahan Atabaýewa Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Žen bilen duşuşyp, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda çagalaryň saglygy, bilimi we meýletinçilik ugurlarynda bilelikdäki taslamalary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda 5 sany gämi gurmak meýilleşdirilýär...
Türkmenistanda 5 sany gämi gurmak meýilleşdirilýär
Deňiz ulaglary pudagy ösüşlere beslenýär
Deňiz ulaglary pudagy ösüşlere beslenýär
Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýi...
Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär
IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça teklipleri...
IRU Orta geçelge arkaly ýük daşamalaryny çaltlandyrmak boýunça tekliplerini hödürledi
Türkmenistan bilen ÝB ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyk işl...
Türkmenistan bilen ÝB ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyk işlerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde eýran gämisiniň ekipažyny ...
Türkmenistanyň kenar gulluklary Hazar deňzinde eýran gämisiniň ekipažyny halas etdiler
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyl...
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýu...
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Assambleýasynda...
Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň Assambleýasynda ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek...
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi saýty işe girizildi