Habarlar / Habarlar
Guterriş Türkmenistana LLDC3 maslahatyny ýokary derejede guranandygy üçin minnetdarlyk bildirdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda, 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny (LLDC3) ýokary derejede guranandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Guterriş Türkmenistanyň parahatçylykly ösüşe, bitaraplyga we köptaraplaýyn dialoga esaslanýan yzygiderli daşary syýasatynyň halkara forumynyň üstünlikli geçirilmegine berk binýat bolandygyny belledi. Ol LLDC3 maslahatynyň döwlet we hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň wekillerini, raýat jemgyýetini we habar beriş serişdelerini birleşdirip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini gazanmak we olaryň dünýä meselelerine garşy durmak ukybyny güýçlendirmek ugrunda umumy gün tertibine hyzmat edendigini nygtady.

Diplomat şeýle hem özüne we onuň wekiliýetine Türkmenistanda görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, maslahatda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmeginde hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

LLDC3 forumyna 100-den gowrak daşary ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 50-ä golaý halkara guramalaryň wekilleri, dünýäniň 20-den gowrak  öňdebaryjy kompaniýasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu möhüm halkara çäräni giňden beýan etmek maksady bilen, 40-a golaý döwletden 160-dan gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Awaza geldi.

Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady...
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady
“Daşoguzýersuwgurluşyk” kärhanasyna Hytaýyň ponton görnüşli ýer ga...
“Daşoguzýersuwgurluşyk” kärhanasyna Hytaýyň ponton görnüşli ýer gazyjy gämisi gelip gowuşdy
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap ...
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa Ulaglary Döwlet Gullugynyň Zenanlary Bahar B...
Türkmenistanyň Deňiz we Derýa Ulaglary Döwlet Gullugynyň Zenanlary Bahar Baýramyny Dabaralandyrýarlar
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ...
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär
Türkmenistanyň Deňiz-Derýa Ulaglary Pudagy: Milli Ösüşiň we Global Logis...
Türkmenistanyň Deňiz-Derýa Ulaglary Pudagy: Milli Ösüşiň we Global Logistikanyň täze belentlikleri
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sanly ulgamlary we ekologiýa standartlary...
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda sanly ulgamlary we ekologiýa standartlaryny kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara yns...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy...
Fransiýa Türkmenistanyň üsti arkaly Özbegistana uly ýük ugratdy