Habarlar / Habarlar
Türkmenistan we Irlandiýa hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiligini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Irlandiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazmyrat Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) 2025-nji ýylyň 25-26-njy awgust aralygynda Dublin şäherinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen iş maslahatlaryny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Diplomat saparyň dowamynda Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Irlandiýanyň Daşary syýasat edarasynyň wekili Ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny tassyklady.

26-njy awgustda Ilçi Ýa.Serýaýew Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça direktorynyň orunbasary Fiona Nik Dhonnaça, “Global Ireland” baş direktory we ministrligiň ykdysady bölüminiň wekili Kolm Heýes bilen hem duşuşyklary geçirdi. 

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady ugurlarda, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energetika we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine hem garaldy.

Ilçi irlandiýa tarapyna Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn daşary syýasaty, daşary ýurtlar bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary, şeýle hem ýurduň ykdysady ösüşi barada gürrüň berdi.

Türkmenistan we Irlandiýa diplomatik gatnaşyklary 2007-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýdy.

‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkid...
‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi g...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy me...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk hökümetara toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi...
Aşgabatda türkmen-amerikan biznes-forumy geçirildi
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köp...
Aşgabatda we daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler geçirildi
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny...
Türkmenistanyň Deňiz Administrasiýasy ISO 9001:2015 standartyna laýyklygyny üstünlikli tassyklady
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatla...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy...
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerin...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşdy